Произведение «Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça» (страница 2 из 2)
Тип: Произведение
Раздел: По жанрам
Тематика: Рассказ
Автор:
Читатели: 15 +15
Дата:

Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça

sönäýsek dagy, gaýtadan otlamak üçin bir halta tutaşdyrlyk gury samanam ýetmezmikä öýdýän. Bizem-ä sönmejek bolup dyrjaşarys.
       Ýöne, herhal, Aleksandr Puşkiniň aýdyşy ýaly erkinligiň mahabatçysy, ýoksullaryň hemaýatçysy bolmaly; öwgi bilen töhmete biperwaý garamaly; akmak bilen agzyňy deňäp durmaly däl. Ýogsa, apgyrdyna basylyp, ýemşeren köne köwşe meňzärsiň-dä—sylagyňam-hormatyňam, abraýyňam şoňa görä bolar.
      Atamyrat Ataýewiç oýlanyp-oýlanyp, ahyry, pikir labyrynyň astyndan çykyp, kompýuterinden düýnki ýazyp başlan eseriniň sahypasyny açdy.
      Ol düýn myhmançylyga gelen gyzynyň on iki ýaşlyja oglunyň—agtygynyň, Mekanjygyň: “Ata, menem seň ýaly ýazyjy bolasym gelýär, çap etmäni öwredäý-dä!” diýip özelenip duransoň,   agtygy bilen bir sözlem ýazypdylar, galanyny ertir dowam etmekligi maslahatlaşdylar. Düýnki ýazylan  abzasyň  aşagyndan ýazylan täze jümlä gözi ildi. "Bu Mekanyň işidir"—diýip, agtygyna gatyrganjak boldy. "Düýn, meň bäş minut daşaryk çykamda ýazandyr ol garagol! Soň kompýuteri ýapjak bolam-da bu ýazga ünsem bernändirirn. Ýogsa-da, şunuň aýdýany oýlanarly, dogry ideýa"—diýdi-de, agtygynyň ýazan jümlesini gaýtadan okady: "Hemme kişä ýazyjy, şahyr,  bolmak zerurmy? Olaryň eserlerni okamaga, diňlemäge adamam-a  gerek bolar". Atamyrat Ataýewiç kiçijik adamyň bular ýaly üýtgeşik takyk jümläni oýlap tapyşyna  hezil edip güldi. Agtygynyň jümlesi bilen inen Ylham, ýazyjynyň bütin durkuny gurşap aldy, ol Ylhama garşylyk görkezmän, täze hyjuw bilen ýaňy ýazyp başlan eseriniň yzyny dowam etdirdi.
 
©Kakajan Balkanow

2024 ý.


Реклама
Обсуждение
Комментариев нет
Реклама