Agageldi garawul
(hekaýa)
Agageldiň garwulçylyk çekip ýörenine ýigrimi ýyl bolandyr. Ol nobatçylyga gelenden gapyň daşynda duran kerpiçleri ilki bir ýagdaýda goýuşdyrýar we her bir sagatdan aýlanmaga gidende kerpijiň durşunu üýtgedýär: ilkinji gezek gapa diremän, onuň öňünde dikligine goýýar; ikinji sagadynda—kerpijiň inçe tarapyny ýere dikligine ýatyryp goýýar, üçünji sagadynda—kerpijiň ýasy tarapyny ýere ýatyrýar, dördünjide —keseligine, gytak, älemiň belli bir tarapyna—Gündogara, Demirgazyga, Günorta ýa-da Günbatara bakdyryp goýýar... Soňky sagatlarynda bolsa, kerpiçleri gapa degirmän, iki, üç, dört barmak ýetirmän goýýar, gepiň gysgasy, ýigrimi dört sagadyň dowamynda, on iki gapa "sakçy" durýan kömekçileri her dürli görnüşde durup görýärler. Bu syrly tilsimi Agageldiň özünden özge kişi bilenok, entek-entelerem bilinjek däldi welin, edarada bolan ogurlyk bu syry aýan etdi-de oturyberdi. Aýan boldy diýlende-de, onuň syryny başlykdan özge bilen ýok.
Agageldi gije sagat üçde kerpiçlerini barlamaga gidende, laboratoriýanyň gapysynyň kerpiji üýtgäpdir. Ol elýagly bilen penjesini örtüp, gapyň tutawajyny özüne çekdi, emma gapy gulplydy. Kerpijiň ýerini üýtgeder ýaly ýel turmady—uzak gije asuda, şemalsyz boldy. It-pişigiňem kerpijiň ýerini üýtgetmäne güýji ýetmez, asla olara ol oýun nämesine derkar. "Ogry meni görüp, daşa çykmaga ýaýdanyp duran bolaýmasyn?" diýip oýlandy-da, kerpiji başga ýatyşda goýdy-da, bukyda oturyp, ogryň çykaryna garaşdy, hiç bir hereket bolmansoň, gizlenen ýerinden çykyp, laboratoriýanyň penjiresini barlady. Ol hem jebis ýapylan we içinden gulplanan; aýnalary hem bitewi.
Agageldi bu meseläniň çözgüdini gözläp uzak gije çirim etmedi. Hemme işgärlerden ir gelýän başlyga bolan hadysany gürrüň berende, başlyk bu hadysa aýdyňlašýança, Agageldä öýüne gaýtman eglenmekligi maslahat berdi.
Başlyk, orunbasary we ýene iki sany işgäri ýany bilen alyp laboratoriýa gelende, laboratoriýaň işgärleri halatlaryny geýinip, işe başlamakçy bolup duran ekenler. Başlyk laboratoriýanyň işgärleri bile salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşansoň:
—Laboratoriýada hiç bir üýtgeşiklik ýokdur-a?!
—Aý, ýok-la... Näme, üýtgeşiklik bolmaly-ka?!—diýip, bölüm müdiri başlyga sorag bilen jogap berdi.
Onýança laborant gyzlaryň biri:
—Waý, meň stolumdaky mikroskop ýok!.. Hemneleriň nazary ýaňky gyza öwrüldi.
—Düýnjügem-ä üsti dermantin daşlyk bilen örtülgi durdy. Maral, sen zähmet rugsadyna gideliň bäri mikroskobyňy hiç kim ulanan däldir, ýöne, käwagt gyzlar oň örtüginiň daşynyň çaňyny süpüräýmeseler—diýip, bölüm müdiri daş-töweregine göz aýlap,—gyzlar, hany, gözleşdiriň, azaşyp-tezip bir ýere düşen bolaýmasyn. Bir aýlap duran zat birden ýitirim bolaýasy ýok-la.
Gyzlar stollaryň aşaklaryny, şkaflaryň içlerini dörüp ýörkäler, olaryň biri, indi gerekmejek, köne-küşül salynýan kiçijik ammaryň içinden gygyrdy:
—U-u-uf! Bu taýynyň tozanyny! Şu taýda bir ullakan täzeje sellofan paket bar...—diýip, sözüni soňlamanka, başlyk:
—Dur, elleme!—diýip, gygyrdy.
Ammaryň içine giren gyz, üstüni-başyny çaň-tozana basdyryp, asgyryp-üsgürip, daşyna çykdy.
—Maral, şo pakediň içinde bir zad-a bar! Seň mikroskopyň bolaýmasyn—diýende, Maral, ammara tarap okduryldy. Başlyk ony hem azmly sesi bilen yzyna gaýtardy-da, ýany bilen gelenleriň birine ümledi, ol "Düşündim" diýen ýaly başyny atdy-da, ellerine rezin ellik geýip, ammardan gara pakedi alyp, otagyň ortarasynda goýdy-da, onuň içinden daşy melemtil dermantil örtgüli mikroskopy çykardy, onuň örtgüsini aýyrdy. Başlyk Marala ýüzlenip:
—Şu Siziň mikroskopyňyzmy?
—Hawa...
—Gyzlar, men siziň päkýürekli işgärlerdigiňize ynanýan we gije ýarymdan soň maşgalalaryňyzy taşlap, garaňkyň içinde gorkman-ürkmän öz zadyňyzy ogurlamaga gelmedigiňize-de akylym çatýar. Ýöne, geçen gije sagat iki bilen üç aralykda, belli maksat bilen laboratoriýa girip-çykan bar. Näbelli kişi gije sagat iki bilen üçüň aralygynda, başga ýerden girmän, şu gapydan giripdir. Onuň ýanynda gapyň gulpuna bolýan açar bar. Onuň niýeti mikroskop bolsa, onda näme üçin şobada alyp gitmändir?! Ýa, henek üçin, eýesiniň nerwini barlamakçy boldumyka?! Ýa-da, mikroskopy gizlän bolup, onuň ýitenligi baradaky habar ýaýrap, adamlar köşeşip, ýatlaryndan çykarandan soň aýlanmakçymyka?! Her hili ýagdaý bolanda-da, henekçimi ýa, ogry—ony biz hökman açyklamaly. Eger, gijeki myhman oýun edýän bolsa, onda ol kän eglenmän gündiz—hemneler işdekä gelip, ötünç sorar, eger-de ýaman niýetli bolsa, onda ol ýene ýüzüni garaňka tutup geler. Mikroskopyň tapylany elbetde gowy, ýöne ony kimiň gizlänini anyklasym gelýär, şonuň üçin laboratoriýany gije-gündiz göz astyndan sypdyrmaly däl. Ilki bada polisiýa habar edeýinem diýdim-de, goýbolsun etdim—biz onuň kindigini we näme niýetiniň bardygyny anyklamaly, şonuň üçin, gyzlar sizden etjek haýyşym—hamala hiç zat bolmadyk ýaly, öňki edýän işiňizi ediberiň, eger-de, gara paketi gündiz siz işdekäňiz idäp gelseler, tizden-tiz maňa habar ýetiriň. Biziň bu maslahatymyzy şu adamlardan özge hiç kim bilmeli däldir
Başlyk topary bilen çykyp gidensoň, her kim öz işi bilen gümra boldy. Bu wakadan soň iki gün geçdi. Laboratoriýanyň bir mikroskopynyň ýitenligi hakdaky habar edara ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Üçülenji gün, agşam sagat bäşe golaýlaberende, laboratoriýanyň işgärleri öýlerine gaýtmaga taýynlyk görüp başladylar, edil şol wagt gapydan "Salam gyzlar!" diýip egni teletin ýolhaltaly, eli ullakan gara paketli, edaraň santehnigi, Toýçy girdi.
—Gyzlar üşeýän dälsiňiz-ä?!—diýip, elliginiň bir taýyny çykaryp, ýyladyjy batareýleri, soň turbalary elleşdirdi.—Siziň otagyňyz-a ýyp-ýyljak welin, goňşy otagda bolýan sürüjiler "ýylanamzok, üşeýäs" diýýärler—diýende, gyzlaryň dogumlyragy näz bilen:
—Toýçy daýy, biziň özümiziňem gyzgynlygymyz otuz alty gradusdan geçýär-ä, bäş gyzyň temperaturasy ýüz elligden geçip gidýär, ahyry, şonuň üçin bize gelýän turbany ýapsaňam biz üşäsimiz ýok,—gyzlar bu ýomaga gülüşýärler.
—Mümkin. Ýöne olaryň otagyna siziň üstüňizden geçip barýar, olara barýan turbany bekläp biljek däl. Ýogsa-da, olara nirden barýa-daý! Hä-ä, şu ammaryň içinden geçip gidýär, hany göreýin—ol ammara tarap ýönelen-de, bölüm müdiri:
—Toýçy, iş wagty tamamlandy, öýe gaýtjak bolup durus, ertir ir bilen giňişlikde göräý—diýip, nägileligini duýdurdy.
—Wah, keýigim, ertirem bir iş tapylar, gelenime görä görüp gidäýeýin-le—diýip, arkasyndaky ýolhaltasyndan fonaryny çykaryp, ammara girip, yzyndan gapysyny jebis ýapdy, uzak eglenmän, egni goşhaltaly, bir eli fonaly, beýleki eli uly gara sellofan paketli daşyna çykdy. Ol fonaryny goşhaltasyna saldy-da, pakedi ýerde goýup, ellerini,üstüni-başyny kakyşdyryp durşuna, —turbalar-a ýyljajyk, sürüjiler: “üşeýäs-de-üşeýäs” boluşyp, dowul ýaýradan bolup ýörler, üşär ýaly esas ýogam eken-laý. Gözel gyzlar, biynjalyk edip bäş minut wagtyňyzy alanym üçin meni bagyşlaň! Hemmäňize işiňizde üstünlik, at-abraý, maşgalaňyzda abadançylyk, heniz durmuşa çykmadygyňyza toý edip, bagtly, şadyýan durmuşa başlamagyňyzy beýik Alladan dileg edýärin!—diýip, aýalaryny ýokaryk galdyryp ýüzüne sylýar. Goşhaltasyny egnine atyp, eline gara pakedi alyp, gapa ýönelip barýarka-da, —Ah, hany meniň ýigrimi bäşim!
Onuň soňky sözlerine gyzlar gülüşip, hersi bir söz diýip galýar:
—Toýçy daýyň dilewardygyny!
—Ah-heý, Toýçy daýy ýaly ellä ýetsek, bizem ýigrimi-ýigrimi bäşimizi küýsäris-le!
—Toýçy daýy eli gara paketli çykyp gitdi welin... —diýip, bölüm müdiri sägindi.
—Ol gelende eli gara paketlidi.
—Hawa, edil ammardaka meňzeş gara paketli geldi gelende...
Maral kürsäp ammara girdi we eli gara paketli çykdy-da, ony ortarada goýdy-da , agzyny açdy, gaty kagyzdan guta gözi düşenden, aýasyny agzyna tutup durşuna, “Hi-i-iý” diýip içini çekdi. Bölüm müdiri gutyny galdyranda, onuň aşagyndan iki sany ýarty kerpiç çykdy, işgärleriň hemmesi diýen ýaly bu garaşylmadyk hadysa, “waýda”, “hiý” boluşyp kerpiçli gutyň daşyna üýşdiler. Bölüm müdiri äpişgä okdurylyp daşaryny synlady-da, gyzlara pert-pert görkezme berip başlady:
—Hemmämiz ýerimizde galýarys, öýe bu gün gijräk dolanaýarys. Maral, ylga Toýçy daýa hojalyk müdiri çagyrýar diýip aýt. Gülsenem, sen, telefonyňdaky wideokameraňam aç-da, Toýçy daýyň garama-gara yzyna düş-de hemme hereketini düşür, eger-de, ýolda pakedi goýaýsa, pakedi garawullarsyň, tä men barýançam.
—Waý, men-ä gorkýan... —diýip, Gülsenem gölerini elek-çelek etdi.
—Ölüme gideňok. Ana, Jemal saňa ýoldaş bolar.
Gyzlar çykyp gidensoň, müdir başlyga til kakdy we ilki, howlugyp, eli gara paketli Toýçyň hojalyk müdiriniň otagyna ugrandygyny habar berdi; soňra bolan wakany jikme-jik gürrüň berdi.
Toýçy gapyny kakyp, içeri girdi-de:
—Essalawmaleýkim! Başlyk näme hyzmat?
—Waleýkimessalam! Iş ýok, sargydam. Işleriňi dynan bolsaň gaýdyber öýüňe.
—Ýaňy, gyzlar: “Seni çagyrýarlar” diýip, ýarpy ýoldan yzyma gaýtardylar.
—Men-ä çagyramok. Gerek bolsaň til kakardym-a.
—Wiý, hawa-la, şeýle-le...
Gapydan başlyk girende ikisem ýerlerinden turup salam berdiler, başlyk olaryň salamyny alyp, hojalyk müdiriniň ornuna geçip oturdy-da, ikisine-de ýüzlendi:
—Hany, öýe gaýdaňzokmy? Iş wagtynyň tamamlanyna-da ýarym sagat geçdi. Ikisindenem jogap bolmansoň, —Ýa, bu günler iş köpräkmi? Şeýleräkdirem öýtdüm-le, goşuňy köpeldipsiň-le: öň diňe goşhaltaly aýlanaýýadyň welin, bu gün paket hem almaly bolupsyň. Näme, açarlaň, ätiýaç şaýlaň goşhaltaňa syganokmy? — diýip, Toýça ýüzlendi
—Sygýa-la...yhhym...bu paket ýegeniňki, aýakýoluna baryp gelýänçä saklaşaýaýyn diýdim-le.. —diýip, Toýçy ardynjyrap, haňk-huňk edip, ýüzüni aşak sallady.
—Ýegeniň seniň bu ýerdedigiňi, bilýämi? Gözläp ýören bolmasyn, çagyraýmaly ekeniň-dä — diýip, başlyk Toýçyny göz astyndan synlady.
Hojalyk müdiri bularyň dialoglaryny gabak astyndan, nazaryny bir başlyga, bir-de Toýça öwürip, başlygyň öz işgärinden içgin sorag-ideg edýäniniň sebäbine düşünibilmän, pikirleri garjaşyp durka, ony “ukusyndan” başlyk oýardy:
—Allanazar, sen hem eşidensiň-ä, duşenbe güni laboratoriýadan mikrosopyň ýitenligini
—Hawa, hawa, başlyk eşitdik.
—Bir ýerden çykar umydy bilen polisiýa-da habar edip durmadym.Soňra ikisine-de ýüzlenip: —Siz menden aýyp-syn etmäň, hemme işgärlerden olaryň ýekşenbe, şenbe we duşenbe günleri nirede bolanlaryny soraşyp ýörün. Esasanam, ýekşenbeden duşenbä geçilýän gije nirede bolduňyz? —diýip Allanazara çiňerlip sereti-de, göz astyndan Toýçyny synlady.
—Men-ä, daýym agyr hassa bolansoň, oba—şonuň ýanyna, gitdim. —diýip, Toýçy eglenmän jogap berdi.
—Başlyk, biz-ä juda zerur bolaýmasa garaňky düşensoň daşaryk çykamzok. Bazar güni goňşym aýdylan janlysyny berdi, daňdandan tä ikindi düşýänçä goňşyň howlusynda aýak üstünde geçirdim. Soňam, öýe girip bir çäýnek çaý içen boldum, telewizora sereden boldum, uklap galypdyryn, daňdan azanyň sesine oýandym.
Toýçyň beýnisinde tüweleý aýlanyp başlady: “Ilk-ä, müdir çagyrýar diýip, ýoldan sowdular, soň başlyk gelip gümürtik soraglaryna başlady. Şular bir zat aňýan bolaýmasynlar. Çaltrak ebeteýini tapyp bu ýerden jyrmaly”
—Maňa ýegen garaşýandyr, başlyk rusat berseňiz men gideýin.
—Hany bäş minut sabyr et, ýegeniňi şu ýerik çagyraýarys.
—Öýde-de gyssagly işimem ýatyr-da..
—Hä, bolýa-la... Wiý, Toýçy pakediňde nem bar-aý?
—Aý, ätiýaç şaýlary-laý. Işden soň sargyt boýunça oň-muň suw turbasyny çeken bolýan—goşmaça gazanç edýän.
—Hany, görkezsene, onuň içinde bize ýarar ýaly şaý tapylmazmyka! Hammamyzyň krany doly ýapylanok, ýöne damyp dur. Ussa-da bürünç materialdan ýasalan krany