Başlygyň özüni alyp barşyna haýranlar galan hojalyk müdiriniň, eňegi aşak sallandy, syryny bildirmejek bolup, stolunyň üstündäki kagyzlary papkalara salan boldy, köw-söw eden boldy-da boş otugyçlaryň birine geçip oturdy.
—Geregiňiz bürünç kran bolsun, ertir taparys ony. Men... onda... ýöräýin... —diýip, ýadan aýaklaryny çalşyp durşuna ysgynsyz seslenip, yzyna öwrülende, başlyk müdire gapyny içinden gulplamagyň yşaratyny barmaklaryny burup görkezdi. Müdir ýerinden tarsa turup, gapa ylgady, Toýçy tutawajy ellemänkä ýetişdi—gapyny gulplap, açary jübüsine saldy.
—Bä, onda görkezjek däl-dä?! Haýyş edýän!
—Ýok. Iliň amanat zadyny görkezip biljek däl, başlyk.
—“Il” diýýäniň kim?
—...
—Olar ýaly bolsa, onda, razyçylygyňa seretmän, işgärlerden topar düzüp barlarys— diýip, başlyk ynamly we dözümli gepledi.
—Siz edaraň başlygy bolsaňyzam, kişiň goşuny dörmäge hukugyňyz ýok, bu bikanun bolýar.
—Hoş. Kanun boýunça hereket edäýeris, ýöne o hereket seni ullakan çykdaja we bir topar alada goýaýmasa.
Toýçy bir sellem pikirlendi-pikirlendi-de, goşhaltasy bilen pakedi otagyň ortasynda goýup, yza çekildi-de, boş oturgyja özüni goýberdi.
—Me, alyň, dörüň!
—Toýçy, açyp özüň görkezäýsene, biz dörüp oturmaly.
Toýçy sesini çykarman ýüzüni sallap otyr. Başlyk mobil telefonynyň wideosyny açyp, hojalyk müdirine ümledi. Ol ilki goşhaltany silkdi, ondan bir topar açarlar bilen ätiýaç şaýlary şakyrdaşyp pola ýaýrady. Soňra pakediň içindäki mikroskopy emaý bilen göterip, stoluň üstünde goýdy.
—Anha, gözläp ýören ýitgimiz nireden çykdy! —diýip,başlyk gollaryny ikiýana gerdi. —Ýeri, muňa näme diýersiň Toýçy?
—Bilemok. Bu paket meňki däl.
—Kimiňki?
—Ýegenimki.
—Ýegeniňi çagyr.
—Ol eýýäm gidendir.
—Onda, laboratoriýanyň ammarynda goýup gaýdan, içi kerpiçli paket seňkidir?!
—...
—Näme diýsene, men gepi köpeldip oturjak däl, seň bilen deňem boljak däl. Şu günüň senesinden öz islegiň boýunça işden çykýanlygyň hakda arza ýazýaň, şonuň bilen hem ikimiz duşmanlarça holaşýas. Buhgalteriýadan hasap-hesibiňi, zähmet depderçäňi laboratoriýaň açaryny tabşyranyňdan soň alarsyň.
Toýçy müdiriň uzadan kagyzyna arzasyny ýazmaga oturdy.
©Kakajan Balkanow
2024 ý.