Произведение «Erkiň gitse merkiňem gidýän ekeni» (страница 2 из 2)
Тип: Произведение
Раздел: По жанрам
Тематика: Рассказ
Автор:
Читатели: 20 +7
Дата:

Erkiň gitse merkiňem gidýän ekeni

düşündirýän. Maşyny otlamakaň howpsuzlyk kemerini dakynmalydygyny, yz tarapy görkezýän aýnalara seretmelidigini aýdamda, ol: “A birden maşyn ýoldan çykaýanda, daňylgy bolsam nädip böküp düşeýin? Dakynjak däl. Aýnalara özüň seredersiň-dä;  özüň aýtdyň-a: “Maşyn bir ýöräp ugransoň, eýläňe-beýläňe alakjaman, diňe ýoluňa seretmeli” diýip”. Maşyny otlansoň, ilki geçiren tizligi üçünji tizlik bolansoň, maşyn tapyr-tupur  ýatdy. Gapdalynda oturan ýerimden birinji tizlige geçirip berdim. Maşyn dyzaýar, ýöne ýerinden gozgananok—men endigim boýunça, maşyndan düşen badyma el tormozyny çekegen-dä. Men oňa düşündirýän: tizlige geçirensoň, el tormozyny ýatyrmaly, soň çep aýagyň astyndaky pedaly ýuwaşlyk bilen goýbemeli diýsem, ol näme diýýär: “Tizlige geçirenimden soň iki elimem rulda. Meň näme üç elim barmy? Özüň geçiräýmeli ekeniňdä!” diýýär. Maşyn bolsa dyzap dur. El tormozyny goýberdim welin, maşyn çarpaýa galdy, birinji tizligem bolsa eňip barýar, aýalym: “Waý” diýip, ruly sypdyrman barşyna öňünde nämeler bolup geçýänini görmejek bolup maňlaýyny rula goýýar. Elektrik  sütüni bilen çakyşmakak açary yzyna towlap, soguryp ýetişdim. Keýwany maşynyň duranyna göz ýetirensoň, maňa igenip başlady: “Sen bilgeşleýin edensiň, maňa öwretmek niýetiň ýokdur” diýip, aglady-da, yzky oturgyja geçdi. Üç günläp gepleşmedi. Wah, özüm eýerde oturanam bolsam, jylaw eneleriniň elinde-le. Ine ýigrimi ýyldyr bu köneje "Moskwiçi" münüp ýörenime, ýöne "meň maşynym" diýmäge kanun boýunça hakym ýokdur—maşyn keýwanyň adyna.
        Ilki bilen, "Kaka, sen ýüregagyryly, saňa agyr işlemek bolanok" diýip, elimden pilimi akdylar. Soň-soňlar bir tanyş dogtardan sorasam, asyl mellek işlemek ýüregiň birinji emi eken-ä. Aý, indi elden pil-kätmen çykyp gitdi-le. Soň ýeňňeň: "Ikimize indi pensiýa berilýän ýere baryp nobata durmaga gurbatymyzam ýok, ah-heý olaryň haçan geljegini hem öňünden bilip bolanok. Nobatyň ỳeterem welin, pul gutarar. Nepes jan aýdýar, pula derek dört barmak ýaly gaty kagyz oýlap tapanmyşlar, o kagyza her kimiň ady, familiýasy ýazylanmyş. Şol petegiň bilen ýörite pul berilýän sandyklardan islän wagtyň, döwletimiziň ähli kuünjeginden pensiýaňy, aýlygyňy alyp bolýarmyşyn. Nepes jan bilen gelin-ä eýýäm şol kagyzdan edinipdirler. Günleriň bir güni ýeňňeň bilen meni banka äkidip, bir kagyza gol çekdirdiler-de, herimiziň elimize gatyja, ýalpyldawuk kagyzy tutdurdylar, ana şondan soň ol plastik karty hem göremok, pensiýajygymam. Keýwany aýda bir gezek sowarlyk hem-de benzin pul berýär. "Hany, munuň galany?" diýip sorasam, ol: "Pullaryň dur, arkaýyn bol-aý, sandykda ýgygşyrylgy. Gerek wagty aýdaý, çykaryp bererin. Agtyklaň ýetişip gelýäni bar, olaryň okuwa gitjegi bardyr, toý etjegi bardyr, bizem olara keseki däl-ä, az-owlagam bolsa, zerur wagty ýardam berseň ýüregiň suwluja bor" diýýär. Agtyklaryň öz ata-eneleri bardyr-a, how. Biz çagalarymyza toý edemizde ene-atamyz barmydymy näme?! Ana, indi telefonam gitdi, pensiýa-da.
       —Telefonyň ýanyňda ýaly-la.
       —Hawa, edil şu wagt-a ýanymda, öýe baranymdan, "Ata, telefonyňy beräý-dä!" diýişip, ýalbaryp başlarlar. Ho-ol, giçlik, togy çökensoň getirip gidýäler.
       — Enesiniňem-ä telefony bardyr, ýa ondan çekinýälermi?
       —Enesiniň telefony gadymy, düwmeli bolansoň oýun oýnap bolanokmyşyn.
       —Hudaýberdi, öýüň hökümdarlygy Oguljahana geçipdir-dä?!  Eliňden gamçy bilen jylawyňy aldyran bolsaň, indi sende ne pul bar, ne-de erk bar, ýöne “ata” adyň bilen “pylan aga” derejäň galypdyr-da!
        —Wah, elden erk bir wagt—toýumyzyň ilkinji güni gidendir-le.diýip, Hudaýberdi aga ýylgyrdy-da, çaýyny owurtlady. Ýa, onam gürrüň bereýinmi?
       —“Dile geldi, bile geldi”. Aýdyp goýber indi—diýip, gara çaý içýän ýaşuly gop berdi.
       —Aý, hawa-la, erkiň gitse, merkiňem gidýän ekeni—diýip, Hudaýberdi aga uludan dem alyp, käsesindäki galanja çaýyny owurtlap, gürüňini dowam etdirdi: —Biz toý edemizde, öýlenýän ýigit gelni bilen bir maşynda gelmek ýaňy düzügüne girip başlapdy. Gelnimiň ýanyna ýanyp duran kostýum-jalbarly, akja köýnekli, owadan galstukly, elime-de bir desse terje gül alyp barypdym. Gelnim keteniň içinde gyzyl çog bolup, ýarym-ýaş sessiz aglap otyr (kim bilýä, öýünden çykyp gidýänine gynanyp aglaýamy ýa begenip), meňem oň bolup oturşyna gaharym gelýär. Çemeni gowşuranymdan soň, gelnime kürte atdylar, dabaraly sazy diňläp ýuwaşjadan ýöräp maşyna mündik, sag-aman öýe geldik. Maşyndan düşüp, ýoldaşlarmyň ýanyna ugradym welin, yzyma gaýtardylar—asyl öz öýmüze-de gelnim bileje girmeli ekeni. Gelnim maşyndan çykyp, maňa “ýör”  diýýänçeler garaşyp duran ekeni, ol sag elini meniň çep bilegimden geçirensoň ýaňy bir ädi etdimem welin... akja köwşüniň çüňkli ökjesi bilen çep köwşümiň üstünden basanda, ökje aýagymdan parran geçendir öýtdüm; gözlerimden ot syçrap gitdi; gygyrman zordan saklandym-ow, gelnimi öýe salyp, ol otaga geçip, jorabymy çykarsam, daraklygyma gan öýüpdirýöne döwüg-ä ýok ekeni. Entegem awusy gidenok. Heniz-henizlerem çüňkli ökjeli köwüş görenimden, maňlaýym derläp basýar—diýende, diňläp oturanlar wakyrda berdiler. Ýöne men gepläp otyryn, siziňem-ä durmuşyňyz meňkiden üýtgeşik däldir-le, başyňyzdan geçiren gyzykly wakalaryňyzdan orta oklap oturyň, bu gün toý-a—hemmeler şadyýan bolmaly, gülüşip-degişip oturmaly. Halmyrat, kürüşgeli suwuňy aýdyp bersene! —diýip, loh-loh gülüp oturşyna käsesine çaý guýdy.
        —Aý, bor-laý... hökman-maý...— diýip, gara çaý içýän ýaşuly sypjak boldy.
        —O näme, “kürüşgeli suw”? Näme hakda? —Geldimyrat aga gyzyklandy.
        —Sen o wakany eşideňokmy şu wagta çenli? —diýip, Hudaýberdi aga, çäýneginden gözüni aýyrman sorady.
        —Ýok, eşidemok.
        —Goýsanaý, bütin oba bilýär, seň bilmeýşiňi—diýip, Halmyrat köpmanyly ýylgyrdy.
        —Eşidemok-how, eşidenem bolsam ýadyma düşenok—diýip, Geldimyrat aga çyny bilen gepledi.
        —Ýaş döwrümiz bir-birimize gürrüň berişip, gülüşip heziller edýärdik, indi bir hili, gyzygam ýok-laý.
        —Aýdaý-da, how! —diýip, Geldimyrat aga ýalbardy.
       Halmyrat aga daş-töweregine nazaryny aýlap, del adamyň ýoklugyna göz ýetirensoň, ardynjyrap gürrüň berip başlady
         —Bolan wakany gysgaldyp gürrüň bersem: nika gyýyldy, agşam ýoldaşarym don bilen silkme telpek geýdirip, göter-göter edip äkitdiler-de, gelnimiň öňünde joňkardyp oturtdylar. Gelnim kürtäň aşagyndan ýüzüni görkezmejek bolup, gysymymdaky pullary aljak bolýar, açyp bilenok, meňem nebsim agyryp, ýumrugymy gowşatjak bolýan, ýeňsämde duran ýoldaşlarym: “Halmyrat, açaýma, açsaň heleýguly bolarsyň!” diýip gygyryşýalar. Gelnejelermiň biri iki başam barmagy bilen goşarymyň ortarasyna basdy welin, penjämiň öz-özi açylaýdy! Çep elimiň penjesinem şeýdip açdy. Dostlarym gygyryşýarlar: “Oguldursun gelneje, jyzýaňyz, gelniň özi açmal-a!” Gelnejemiň piňine-de däl—olara barmysyňam diýenok. Gezek guşak çözlüşige ýetdi. Gelin görgüli iki eli bilen sermäp, guşagyň düwünini gözleýär, tapanok. Oglanlar guşagy çigim-çigim edip bilimde düwüpdirler. Menem gelnimiň gulagyna pyşyrdaýan: “Düwün arkamda” diýip. Düşbüje gelnim—Nurgözel, Oguldursun gelnejeme süýem barmagy bilen howada tegelek çyzyp görkezýär. Daýaw ýeňňelerimiň hersi bir goltugyma girip, hyrra yzyma öwürdiler welin, men gelnime ýeňsämi öwürip oturan boldum. Guşagam çözüldi, üstümize ýorgan atylyp, “ak-gök geýdirme-de” etdiler. Hemme kişini otagdan kowamsoň, ikiçäk galyp, bir-birimiziň ýüzümize seredibilmän, dymyp otyrys. Näme bolsa-da, dadymyza Oguldursun gelneje saçakly, tabakly girdi. “Uzakly gün aýak üstünde bolup ýadansyňyz, ajygansyňyzam” diýip, mejimäni öňümizde goýup, işdämiziň açyklygyny diläp, çykyp gidensoň, ýarym sagat töweregi geçendir-dä, gelnim: “Suw içesim gelýär, getirip beräý-dä!” Menem oňa: “Anha, çaý bar-a, çaý içäý!” diýýän, ol bolsa: “Agzym kepäp dur, suw içesim gelýär” diýýär. Nädersiň? Turmazmyň?   Howuzdan bir kürüşge suw alyp, öýe girip gelýärkäm büdräp, tas ýykylypdymam. Otagyma girjek bolýan welin gapy gulply... Gapyny kakýan açylanok; gatyrak kakýan—açýan ýok. “Nurgözel, bu men, gapyny aç!” diýýän—ses-seda ýok. Bilemok näçe wagt duranymy: bäş minutmy, on minutmy—meň üçin bir sagada döndi. Bolup durşumy biri göräýse diýibem, gara janym galanok. Içimden: “Täze gelin çaşyp-üýşen bolaýmasyn ýa uklap galan bolmagy hem ähtimal” diýýän. Ýene kakýan. Açylanok. Gatyrak kakaýan—hiç hili hereket ýok... Kelebiň ujuny ýitirdim, näme etmelidigini bilmän, aljyrap durun, äpişgäň ýanyna baryp gygyraýýaynam diýdim—biri görer öýdüp çekindim. Ýene dadyma Oguldursun gelnejem ýetişdi:
       —Näm boldy, nämä bärde dursuň?
       —Uklap galan bolaýmasa...
       Oguldursun gelnejem gapyny ýumruklap: “Nurgözel, gapyny aç, bu men—Oguldursun daýzaň” diýensoň, Nurgözel başy kürteli, agzy ýaşmakly, gapyny çalaja açyp yza çekildi-de, gapböwüre geçip, bürenip otyrdy.
         —Ynha suwuň!
         —Goý-aý saçakda!
         —O näme gapyny açaňok, şunça kakýan welin, gidenime-dä bäş minudam geçenok?!
         —Men entek seň sesiňe öwrenişomk. Kesekidir öýdüp açmadym...
        Gelnimiň näzijek sesini eşidenimden dyňzap gelen gaharyma suw sepilen ýaly boldy.
         —Gel, birki azyz nan iýeli! Men-ä aç öldüm.
         —Özüň iýäý, meň-ä şu wagt işdäm ýok.
         Gelnim naharam iýenok, getiren suwumam içenok. Gije ýarymdan geçip başlady. Men oňa: “Ýatar wagtam-a boldy, ýataýaly!” diýýän, ol bolsa: “Ukyň gelýän bolsa, düşegiňi ýaz-da, geç-de, ýatyber!” diýýär. Ukymam gelýär, ýatasymam gelenok—gelnim bilen gepleşesim gelýär, ol bolsa üzlem-saplam jogap berýär. Düşegimi özüm ýazmaly boldum, ahyrsoňy, Nurgözel başyndaky kürtesi aýyryp, epläpjik bir gyrada goýdy, men hem begenjime, ylgap çyrany söndürdim. Gelnimiň nirede oturanyny çak bilen bilýän, onuň golaýyna baryp, çöküme düşdüm-de sagrysyny sypaladym, ol duýdansyz: “Waý!” diýip gygyrdy... ýüregim ýaryldy—elim köze degen ýaly çekip aldym. Dälizden gapy diňleýänleriň “wagyr-wugury” artan ýaly boldy. Hasanaklap gapyň gulpuny barladym—gulplanan. Magnitofony açdym. Daň atýança ýalbarandyryn-a: “Nurgözel jan ýataýaly-da, ikimizem ýadaw-a! Ertirem uzak gün kürtäň aşagynda  oturjak  bolsaň saňa-da aňsat düşmez”, “Biz indi är-aýal ahyryn, çagalarmyz bolmaly...”
         Oýanamyzda Gün birwagt dogup, naýza boýy galyp gidipdir, hasanaklap, eşiklermi geýip, daş çykamda Oguldursun gelnejemiň: “Halmyrat jan, nähili, oňatçylykmy?” diýen soragyna, “Hawa, oňatçylyk” diýip, gysgajyk jogap berip, agamyň öýüne ukymy dowam etdirmäge ýöneldim. Ilkinji gije elimden erkimiň gidenligine soň-soňlar düşünip galdym, asyl, nogtalanaýan ekenim. Şondan bäri Nurgözeliň bir aýdanyny iki gaýtaladýan däldirin—Halmyrat gürrüňini tamalap, öňündäk sowan çaýyndan birki gezek owurtlady—kyssasynyň  tamamlanandygyny aňşyrtdy.
        Geldimyrat bilen Hudaýberdi Halmyradyň hekaýatynyň käbir ýerlerini bölüp, goşmaça sorag berýärler we hezil edip gülüşýärler.
         —Şu wagtam düşegiňi özüň salýamyň?—diýip, Geldimyrat aga degişýär.
         —Aý, käwagt ýazmaly bolýan, ýöne, keýwany dogry iki güne ýetirmän ýaraşýa-la. Näme, bizi gürledip, ýeke özüň gülüp otyrsyň-la, senem başdan geçirenleňden gürrüň ber-dä!
         Maşynlaryň “düýt-düýt” bilen “bamp-bampy” gelip başlaýar—gelnalja gitjekleri çagyrýar
         —Hany, ýörüň gelnaljyny ugradyp geleliň, onsoň menem bir zatjagazlardan gürrüň beräýerin!—diýip, Geldimyrat aga silkme telpegini geýip, donunyň syýlaryny düzedişdirip, dostlaryny yzyna tirkäp, gelnaljyny ugratmaga ýöneldi.
 
© Kakajan Balkanow

2024 ý.


Реклама
Обсуждение
Комментариев нет
Реклама