Erkiň gitse merkiňem gidýän ekeni
(hekaýa)
Geldimyrat aga agtygynyň toý sadakasyna çagyran çagalyk dostlarynyň arasynda oturan ýerinden güpüň ýanynda duranlara gygyrdy:
—Hany, ýaňy gara çaý diýipdik welin, soňy bolmady-la—diýip, gygyrdy. Soňra, gabat garşysynda oturan sakgaldaşynyň ynjalyksyz nazaryndan syrly bir zat okajak bolup, dikanlap seretdi-de,—Ýak, Hudaýberdi, günde günaşa görüşip durus-maý, oturalyň-da könäni ýatlaşyp, häzir çaýyňam gelýär—diýip, bir gapdalda nardy oýnap oturanlara öwrülip,—Tirkiş, senem "şakyr-şukurňyzy" bir çeträkde oýnaýmaly ekeniň-dä! Ses-üýn alşyp bolanok. Hanha, erigiň kölegesi boşja dur!—diýip, öýlenýän ýigidiň kakasyna ýüzlendi. Tirkiş ýoldaşlary bilen kölegä göçenden soň,—oh-ow, düýn agşamdan bäri "şark-şark"—ýürege düşdiler-ä, how!
—Geldimyrat, seň özüňem-ä "şeş-beşi" gün sypdyrman oýnaýadyń, ýadyňdamy?—diýip, ýoldaşlarynyň biri gülümsiredi.
—Aý, hawa-la, ýaşlyk döwrümiziň başdan geçirmelerini çagalaň bilen agtyklaryňda-da görýän ekeniň.
—Aý, edil nokatma-nokada bolanok ekeni. Şu wagtky ýaşlaryň aşyk oýnaýanyna duşduňmy? Olardan sorap göräý, çiligiň nämedigini bilýälermikä? "Telefon" diýen bela döredi, çagalaň barsyny daňyp goýdy.
On-on iki ýaşly oglanjyk her elinde göterip gelen çäýneklerini Geldimyradyň öňünde goýuşdyryp durşuna, ýaşulylara ýüzlenip:
—Essalawmaleýkim!—soňra süýem barmagyny çäýneklere uzadyp, atasyna ýüzlendi,—ynha, ata, bu-la—gara çaý, bu-da—gök çaý—diýdi-de, jübüsinden telefonyny çykaryp, gitmäge synanyşanda, atasy:
—Oglum, sen hem nardy oýnap bilýämiň?—diýip, ýoldaşlaryna nazaryny öwürip, ýylgyrdy.
—Hawa-laý. Internetde näme oýun diýseňem bar-laý.
—Aşyk hem barmy?—diýip, ýaşulylaryň biri sorady.
—Ýok, aşyk ýok.
—Ýogsa-da, aşygyň nämedigini bilýämiň?
—Hawa. Togalajyk süňkdür-dä, çorbaň içinden çykýan.
—Şoň oýnalýanyny bilýärmiň?
—Eşidipdim, ýöne oýnap göremok.
Agtygy gidensoň Geldimyrat:
—Ynha-da, bular ne çiligi bilýärler, ne-de aşygy. Uzakly gün telefonlary bilen, tä ýatýançalar—edil bagyrlary badaşan ýaly. Soňa-baka bular adam bilen sözleşmäni hem ýatlaryndan çykararlar, öňem-ä ene dilimizi düşnüksiz saýry sözlerden doldurdylar.
—"Haý-da-waý", "waý-da-faý". Bir-birlerine özleri düşünýändirler-dä, elbetde. Diňleýän aýdymlarynda-da ne owaz, ne many bar: "rep" diýdimi, "dep" diýdimi—it suwa siýen ýaly—diýip, gara çaý içýän ýaşuly janykdy.
—Içigar diýsäni, indi telefonlaram üýtgäp dur-a, how! Öň düwmelije ykjamja telefonym bardy, muny duýman durkam, emedekläp ýören kici agtyjagym çaýly käsäme oklap goýberdi. Käsede agdaryldy, çaýam döküldi—şo gysga wagtyň içinde telefon yzgar çekip ýetişipdir. Men aýdýan agtygyma: "Köşek, çaýly käsäň bir özüni ejeň täzeje halysyna agdaran bolsaň abraýly bordy" diýýän. Oglum telefonlaryň täze çykan görnüşleriniň birini alyp berdi. Aýnasyna barmak basylýany. Ony hem entek doly öwrenip bilemok, diňe jaň gelse alyp gepleşip bilýän. Şular ýaly märekeli ýerde otyrkam, (esasanam ýas ýerde) oňaýsyz ýagdaýa düşýän: agtyklar mekdepden til kakýarlar—sapaklary gutaryp öýe gaýtmaly. Olaryň ejelerem, kakalaram, enelerem işde. Mekdep uzak bolansoň, eneleriniň hem alyp gaýtmaga ýagdaýy ýok—bir topar sapaklary bar. Ynha, hä diýmän jaň kakyp başlarlar. Bularyň okuwy hem bir wagtda gutaranog-a—ýöne mekdep bilen öýüň arasynda gatnap durmaly—diýip, Hudaýberdi çaýyny owurtlady.
—Beýdip kösenip ýörmän, gelnejeme maşyn sürmäni öwredäýmeli ekeniň-dä. Öý bilen mekdebiň arasynda-ha sürüp bilerdi—diýip, Geldimyrat degişdi.
—Oguljahan mundan has ýaş wagty, oýundanmy-çyndanmy—bilmedim, maşyn sürmäni öwret diýipdi. Täzeje “Moskwiç” alan döwürlerimdi. Obadan çete çykdyk. Men oňa aýdýan: “Maşynyň kürsisine geçmänkäň onuň daşyna bir gezek aýlanyp çykmaly. Tekerleri ýelini goýberip biler, öňünde-yzynda päsgelçilik bolmagy ähtimal, ýa maşyny kölegeläp it-pişik ýatan bolmagy mümkin... çaga oýnap ýören bolmagy mümkin...” Ol maňa näme diýýä diýsene! “Bu ýerlerde çaga, it-pişik nireden bolun? Sen maňa takal okama-da, sürmäni öwret” diýýär. Onsoň men oňa pedallaryň, ryçaglaryň näme niýetlendigini